Meredow YHG-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

17:3324.01.2023
0
42521
Meredow YHG-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy
Surat: apa.az

Türkmen wekiliýeti 24-nji ýanwarda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Bu barada özbek metbugatynda habar berilýär.

26-njy gezek geçirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Şeýle-de bu duşuşyga YHG-na agza bolan Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda YHG-nyň çäklerinde köptaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň bar bolan mümkinçilikleri, hususan-da, gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň