Soňky habarlar

Arhiw

Awstraliýanyň Poýnt-Lonsdeýl şäherine apet düwlen geldi

16:3524.01.2023
0
36115
Awstraliýanyň Poýnt-Lonsdeýl şäherine apet düwlen geldi
Surat: dailymail.co.uk

Awstraliýanyň Poýnt-Lonsdeýl şäheriniň ýaşaýjylary suwa düşülýän kenarda gezim edip ýören äpet düwleni gördüler. Ýerli adamlar tarapyndan Genri diýip at berlen düwleni soňra ýaşaýyş öýleriniň golaýynda surata düşürdiler diýip, «Habar 24» ýazýar.

Emma kameralaryň ýylpyldysydyr adamlaryň märekesi düwleni birjigem gorkuzmady. Ol arkaýyn ýerli tehniki hyzmat ediş edarasynyň jaýyna tarap ýöneldi. Genriniň hereket edýän çägini polisiýa gabady, soňra düwleni tutdular, kenara eltip, deňze goýberdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň