Mbappe «PSŽ» klubynyň taryhyndaky ilkinji penta-triki adyna ýazdyrdy

15:3724.01.2023
0
56508
Mbappe «PSŽ» klubynyň taryhyndaky ilkinji penta-triki adyna ýazdyrdy
Surat: matchtv.ru

Fransiýanyň «PSŽ» klubynyň hüjümçisi Kliýan Mbappe toparyň taryhynda öz adyna penta-trik (bir oýunda bäş gol) ýazdyran ilkinji oýunçy boldy. Ol Fransiýanyň Kubogynyň 1/16 final tapgyrynda «Paý-de-Kassel» toparynyň derwezesine bäş gol geçirdi. Duşuşyk «PSŽ» toparynyň 7:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, Mbappe toparynyň taryhynda bir oýunda bäş gol geçiren ilkinji oýunçy bolmak bilen bir hatarda, öz professional karýerasynda hem birinji gezek penta-triki adyna ýazdyrdy. Ol şu wagta çenli iki gezek pokeriň (bir oýunda dört gol) awtory bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň