«Rosgeologiýa» türkmenistanly kärdeşlerine «ýiten» ýataklary gözlemekde kömek bermäge taýýar

13:5224.01.2023
0
48907

Russiýanyň «Rosgeologiýa» kompaniýasy türkmen kärdeşlerine ýerasty gaz saklaýyş desgalaryny döretmek üçin amatly geologiki desgalary gözlemekde we esaslandyrmakda, şol sanda elektrik tomografiýa usullaryny ulanyp, ýerasty suw ýataklaryny gözlemek, şeýle hem inženerçilik we geologiki gözleglerde kömek bermäge taýýardyr. Bu barada «Oilcapital» «Inetrfaksa» salgylanyp habar berýär.

«Rosgeologiýa» Türkmenistanyň nebitçilerine innowasiýanyň soňky gazananlaryna esaslanýan tejribeleri hödürleýär» diýip, Türkmen-rus işewürlik foruma gatnaşan kompaniýanyň habarynda bellenilýär.

«Rosgeologiýa»-nyň başlygy Sergeý Gorkowyň belleýşi ýaly, rus kompaniýasy türkmen kärdeşlerine «ýiten» ýataklary gözlemek üçin teklip edip biler.

«Biz nädip gözlemelidigini bilýäris. Ikinjiden, tekje, üstaşyr zolak, bu babatda dünýä derejesindäki uly tejribämiz bar. Biz bu meseläni ara alyp maslahatlaşyp başladyk» diýip, Gorkow belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň