Geçen ýyl türkmen-özbek söwda dolanyşygy 24 million dollar artdy

13:3424.01.2023
0
23066
Geçen ýyl türkmen-özbek söwda dolanyşygy 24 million dollar artdy

2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2021-nji ýyla garanyňda 1,9% ýokarlandy. Bu barada Özbegistanyň Döwlet statistika komiteti habar berýär.

2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 926,3 million amerikan dollaryna barabar boldy. Şonuň 731,5 million dollarlyk möçberi Türkmenistanyň Özbegistana amala aşyran eksportynyň paýyna düşýär. 194,8 million dollary bolsa Türkmenistanyň goňşy ýurtdan amala aşyran umumy importynyň ýyllyk möçberidir. Şeýlelikde, geçen ýyla garanyňda türkmen-özbek söwda dolanyşygynyň 1,9% ýokarlanandygyny görmek bolýar.

Has takyk sanlara salgylansak, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Özbegistana eksporty 3 million amerikan dollar, Türkmenistanyň Özbegistandan importy 21 million amerikan dollar, iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygy bolsa 24 million amerikan dollar artypdyr. Şunlukda, Türkmenistan geçen ýyl Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna (Özbegistanyň eksportynda 9-njy orun, importynda 7-nji orun) girdi.

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 50 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy. Şonuň 19,309 milliardy Özbegistanyň eksportynyň, 30,669 milliardy bolsa importynyň paýyna düşýär.

Şeýlelikde, 2022-nji ýylda Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygyndaky passiw balansy 11,390 milliard amerikan dollaryna deň boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň