Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň halkyny mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen gutlady

07:1820.06.2015
0
2922

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şeýle hem käbir möhüm resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň başynda döwlet Baştutany oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, düýn Oraza aýynyň başlanandygyny belledi. Oraza aýy mähriban halkymyz üçin mukaddes aýdyr. Ol halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gelýän däp-dessurlaryny, medeni we ruhy mirasyny özünde jemleýär. Mukaddes Oraza aýynyň her bir güni ynsany ruhy taýdan galkyndyrýar, ynsanperwer we haýyr-sogap işlere ruhlandyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlary, olaryň üsti bilen mähriban halkymyzy mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Siziň mübärek Oraza aýynda berkarar Watanymyzyň asudalygy we abadançylygy, mähriban halkymyzyň parahat we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin etjek doga-dilegleriňiz, namaz-orazaňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Milletiň Lideri şeýle hem ýagşy niýetleriň we umyt-arzuwlaryň hasyl bolýan mukaddes Oraza aýynyň Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza rysgal-döwlet, bereket, egsilmez bagt getirmegini arzuw etdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň