Gurban Berdiýew Serdar Azmunyň «Soçi» toparyna goşulyp-goşulmajakdygy barada sowallara jogap berdi

11:3222.01.2023
0
27931

«Soçiniň» baş tälimçisi Gurban Berdiýew Lewerkuzen şäheriniň «Baýer» futbol klubynyň hüjümçisi Serdar Azmunyň ýene-de öz şägirdi bolup biljek-bilmejekdigi baradaky sowala jogap berdi:

«Soçide» haýsydyr bir eýranly futbolçynyň peýda bolmagy mümkinmi? Elbetde, mümkin! Ol Azmun bolup bilermi? Belki, bolar, belki-de, başga biri bolar.

Eýranyň futbolçy ― meniň üçin uly açyş. Eger ýurduň hökümeti ýaşlaryň arasynda futbolyň ösdürilmegine üns berse, Eýranyň ýygyndysy dünýäniň iň güýçli ýygyndylarynyň birine öwrülip biler. Eýranly futbolçylaryň mümkinçiligi, güýji iňňän uly. Olar genetiki taýdan juda güýçli. Eger 17-18 ýaşly russiýaly we eýranly futbolçylary deňeşdirsek, eýranlylar has güýçli geler. Azmunyň beýle ýokary galmagy tötänlik däl» diýip, ol bu barada pikirlerini paýlaşdy.

Eýranly türkmen Serdar Azmunyň «Rubin» we «Rostow» toparlarynda Gurban Berdiýewiň tälimçiliginde futbol oýnandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň