«Balkan» — «Ahal» duşuşygy: käbir sanlar, maglumatlar, çaklamalar

15:3319.06.2015
0
1325

Milli ýygyndymyzyň duşuşyklary sebäpli berlen arakesmeden soňra, ýokary ligamyzyň duşuşyklary 20-nji iýunda dowam edýär. Şol gün 7-nji tapgyryň möhleti süýşürilen duşuşygynda Balkanabadyň «Balkan» topary ýurdumyzyň Kubogynyň eýesi «Ahaly» kabul edýär.

Gyşky arakesme döwründe biri-birinden oýunçy alşyp-berşen toparlar şu möwsümde ilkinji gezek duşuşarlar. Geçen ýyl «Ahalyň» iň netijeli oýunçylarynyň biri bolan Serdaraly Ataýew, geçen ýylda «Balkanda» çykyş eden Myrat Hamraýew ýaly oýunçylar ilkinji gezek öňki toparyna garşy meýdana çykarlar.

Häzir ýokary ligada ajaýyp netije görkezýän Myrat Ýagşyýewe iň ýakyn bäsdeşi Süleýman Muhadowdan arany açmaga mümkinçilik bar. «Balkan» bilen «Ahalyň» iň netijeli hüjümçileriniň arasynda bolsa uly tapawut bar. Häzire çenli «Balkanyň» (hatda ýokary liganyň hem) iň netijeli hüjümçisi M.Ýagşyýewiň 17, «Ahalyň» iň netijeli oýunçysy A.Annadurdyýewiň 7 goly bar.

Oýnuň netijesi ýaryş sanawnamasynda nämeleri üýtgedip biler? Geliň, nazar aýlalyň! Eger «Balkan» ýeňiş gazansa, onda topar «Altyn asyr» bilen arany bir utuga çenli ýygrar, «Ahal» ýeňse, topar ýaryş sanawynda 3-nji orna geçer. Duşuşygyň deňlik bilen tamamlanmagy hiç bir toparyň hem eýeleýän ornuna täsir etmez. Ýöne oýun deňlik bilen tamamlanaýsa, bu eýýäm «Ahalyň» şu möwsümdäki 6-njy deňligi bolar. Häzire çenli 6 oýundan deňlik bilen aýrylan topar diňe «Energetikdir». Ýeri gelende  aýtmaly bolsa, ýokary liganyň iň şowsuz topary «Energetik» öz meýdanynda «Balkandan» hem, «Ahaldan» hem ýeňilmedi.

Duşuşykda köp gola garaşyp bolarmy? Aslynda-da häzire çenli 7-nji tapgyrda derwezelere 9 pökgi girizildi. Bu bolsa şu çempionatyň iň az görkezijileriniň biridir. Bu duşuşykda hem köp goly umyt etmek kyn. Ýeňiş bolaýanda hem diňe ýekeje gol tapawudy bilen bolsa gerek.

Kim üstün görünýär? «Balkanmy», «Ahal»? Bize görä, deňlik ýaly. Täsin maglumat bar: «Ahal» şu möwsümde myhmançylykda geçiren duşuşyklarynyň 3-sinde ýeňiş gazandy, ýekeje gezek hem ýeňlenok. «Balkan» bolsa öz meýdanynda geçiren duşuşyklarynyň ählisinde hem (6 duşuşyk) ýeňiş gazandy. Şu sanlardan çen tutsaň we «Ahal» toparynyň soňky tapgyrlardaky şowsuzlyklaryny nazara alsaň, azda-kände «Balkan» rüstem görünýär. Ýöne esasy netijäni oýun görkezer.

Milli çempionatymyzyň şu ýakynda geçirilen iň soňky tapgyrynda — 14-nji tapgyrda «Balkanyň» hem, «Ahalyň» hem geçiren duşuşyklary şol bir hasapdaky (1:1) deňlik bilen tamamlandy. Has täsin tarapy bolsa, «Balkan» hem («Energetik»), «Ahal» hem («Merw») ýurdumyzyň Mary welaýatyna wekilçik edýän toparlar bilen duşuşdylar.

Geliň, onda öz janköýerlik edýän toparymyzy goldalyň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň