Soňky habarlar

Arhiw

Mýasnikowiç Türkmenistan bilen maýa goýum we bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ösýändigini belleýär

10:5319.06.2015
0
2912

Türkmenistan bilen Belarusyň arasynda maýa goýum we bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklar ösýär. Bu barada Belarusyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň başlygy 17-nji iýunda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen bolan duşuşykda aýtdy diýip, BELTA-nyň habarçysy habar berýär.

“Söwda gatnaşyklaryny saklaýan beýleki ýurtlara seredeniňde, bu ýerde (Türkmenistan bilen gatnaşyk göz öňünde tutulýar — BELTA-nyň belligi) maýa goýum we bilim ulgamlary girizilýär” diýip, Mihail Mýasnikowiç aýtdy.

Şeýle hem ol: “Biziň aramyzda örän hoşniýetli we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklar ýola goýuldy. Biziň şu günki duşuşygymyza örän şat. Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny isleýärin”. Spiker iki ýurduň Liderleriniň arasynda hem hut şeýle gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny belledi.

Duşuşyga BMTU-niň rektory Boris Hrustalýow hem gatnaşdy: “Onuň milli kadrlar ulgamyny kämilleşdirmek boýunça örän gyzykly teklipleri bar” diýip, Mihail Mýasnikowiç ünsi çekdi. Mundan başga-da, ol şu ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň belleniljekdiginiň üstünde durup geçdi. Şeýle-de, duşuşykda kaliý dökünlerini öndürmek boýunça Garlyk dag-magdan kombinatynyň gurluşygyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Habar berlişi ýaly, Mihail Mýasnikow 24—28-nji martda iş sapary bilen Türkmenistanda boldy. Onuň barşynda kombinatyň gurluşygynyň, şeýle hem hereket edýän otlulara hyzmat etmek boýunça demir ýol toplumyny döretmegiň meseleleri we beýlekiler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilim ulgamy barada aýdylanda, Belarusda Türkmenistanyň 9,3 müň raýaty bilim alýar, munuň özi Respublikada okaýan daşary ýurtly talyplaryň deň ýary diýmekdir.       

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň