Soňky habarlar

Arhiw

«Tur de Frans» weloýörişi 120 ýaşady

17:4820.01.2023
0
42976

Ýer ýüzüniň iň abraýly welosport ýaryşlarynyň biri bolan «Tur de Frans» (başgaça, «Uly halka») düýn 120 ýaşady.

Bu ýaryşy döretmek baradaky başlangyç 1902-nji ýyla degişlidir. Şol ýyllarda Fransiýada «Le Velo» hem-de «L’Auto» gazetleri biri-biri bilen bäsleşip işleýärdi.

1902-nji ýylyň 20-nji noýabrynda «L’Auto» gazetiniň ýygnaklarynyň birinde žurnalist Žeo Lefewr Fransiýanyň ähli ýerleriniň üstünden geçjek welosipedli ýörişi guramagy teklip etdi. Bu teklip neşiriň maliýe işleri boýunça müdiri Wiktor Goddini şeýle bir gyzyklandyrdy welin, ol Lefewra tutuş seýfiň açaryny berdi-de: «Näçe gerek bolsa, şundan alaýgyn!» diýdi.

1903-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda «L’Auto» weloýöriş baradaky ilkinji habaryny okyjylary bilen paýlaşdy. Ýörişiň özi bolsa şol ýyl 1 ― 19-njy iýul aralygynda geçirildi. Ilkinji ýörişde pellehana birinji bolup fransiýaly Moris Garen geldi.

Weloýöriş oňa gatnaşyjylara pikir edilmedik derejede şöhrat we girdeji getirdi. Gazetiň satylyşy bolsa ozalkysyndan üç esse artdy. Şondan soň redaksiýa bu ýörişi her ýyl dowam etdirmek kararyna geldi.

Bu gün «Tur de Frans» dünýäniň weloýörişleriniň içinde iň abraýlysydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň