Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Rustam Minnihanowy kabul etdi

17:3620.01.2023
0
60634

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Türkmenistana gelen Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berildi.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-tatarystan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada içgin pikir alyşmalar boldy, uly mümkinçilikler hem-de soňky ýyllarda amala aşyrylan möhüm ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde toplanylan bilelikdäki oňyn iş tejribesi bilen berkidilen gyzyklanmalary hasaba almak bilen bu gatnaşyklar has-da berkidilýär.

Birnäçe ugurlar, hususan-da, ýangyç-energetika toplumy, ulag, dokma senagaty, oba hojalygy, maşyn we gämigurluşyk ulgamlary boýunça hyzmatdaşlyk köpugurly türkmen-tatarystan gatnaşyklarynda aýratyn orun eýeleýär.

Şunuň bilen baglylykda, şu günler Aşgabatda geçirilen türkmen-russiýa işewür forumynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi, bu çäre, ozaly bilen iki ýurduň işewürler toparlarynyň hem-de edaralarynyň arasynda söwda-ykdysady we senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Türkmenistanda hem, Tatarystanda hem ösdürilmegine uly üns berilýän sport ulgamynda tejribe alyşmak, şeýle hem däp bolan ylym we bilim ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek, hususan-da, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek hem-de Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde we ylym merkezlerinde ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak mümkinçilikleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, iki doganlyk halkyň arasynda gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň Arkadag şäherinde Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň