Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Serdar Berdimuhamedow bilen Mihail Mişustiniň arasynda gepleşikler geçirildi

14:1120.01.2023
0
48214
Aşgabatda Serdar Berdimuhamedow bilen Mihail Mişustiniň arasynda gepleşikler geçirildi
Surat: goverment.ru

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin bilen gepleşik geçirdi diýip, «MIR 24» habar gullugy habar berdi.

Ilki bilen taraplar ikiçäk söhbetdeşlik geçirdiler. Soňra bolsa iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümdäki gepleşikler başlandy.

Ondan öň Mihail Mişustin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň