Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Coddy» programmirleme mekdebi nobatdaky Açyk gapylar gününi geçirýär

10:2220.01.2023
0
33813

«Iş nokady» kompaniýasy «Coddy» Halkara programmirleme mekdebi bilen bilelikde «Geým-dizaýn we Oýun hereketlendirijileri nähili işleýär» atly mowzuk boýunça Açyk gapylar gününe çagyrýar.

«Coddy» – bu 6-16 ýaş aralygyndaky çagalar üçin özboluşly we bilim maksatnamalarynda nusgasy bolmadyk meýilnamalar boýunça dürli görnüşli okuw ugurlary bolan halkara programmirleme mekdebidir.

Çärä gatnaşanlar geým-dizaýnyň nämedigi barada, oýun hereketlendirijileriniň nähili işleýändigi we olaryň haýsyny saýlamalydygy barada, şeýle hem nädip indi-işläp düzüji bolmalydygy hakynda başlangyç bilimleri öwrenip bilerler. Çäräniň maksatnamasynyň bölümleri bilen tanyşlyk «Unity 3D», «UnrealEngine», «Godot Engine» we «Construkt 2» hereketlendirijilerini ulanmak arkaly geçiriler.

Şeýle-de Açyk gapylar gününiň çäklerinde «Coddy» Halkara programmirleme mekdebiniň tanyşdyryş dabarasy geçiriler.

Çäräniň alypbaryjysy – German Fetisow, programmist, oýunlary işläp düzüji, grafika we 3D dizaýneri hem-de «Coddy» Halkara programmirleme mekdebiniň mugallymy.

Çäräniň geçiriljek senesi – 2023-nji ýylyň 31-nji ýanwary, sagat 18:30-da. Açyk gapylar gününe giriş mugt, emma öňünden şu salgy boýunça bellige alynmak zerurdyr. Goşmaça maglumat üçin telefon belgisi: (+993 12) 21 04 99.

Salgysy: Aşgabat, Atamyrat Nyýazow (öňki Çehow) köç., Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasy, 8-nji gat.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň