Soňky habarlar

Arhiw

Mihail Mişustin Aşgabadyň gözelligine haýran galandygyny aýtdy

18:3119.01.2023
0
41345

Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin Aşgabadyň gözelligine haýran galandygyny aýtdy. Döwlet işgäriniň sözleri TASS tarapyndan habar berilýär.

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Türkmenistana iş saparynyň çäginde Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebine baryp gördi.

Mihail Mişustin:

– Hakykatdanam haladym. Ilki bilen gözellige haýran galýaryn. Howa menzilinden çykanymyzdan şäheriň gözelligine haýran galmak mümkin däldi: tertipli, owadan, arassa – diýdi.

Mihail Mişustin Russiýanyň Premýer-ministri hökmünde ilkinji gezek Türkmenistana sapar bilen geldi.

2013-nji ýylda Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýäde iň köp ak mermer binalary bolan şäher hökmünde goşulandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň