«Матч ТВ» teleýaýlymy Gurban Berdiýew bilen söhbetdeşlik berer

13:5719.01.2023
0
20121

Russiýanyň «Матч ТВ» teleýaýlymy 20-nji ýanwar güni öz tomaşaçylaryna türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýew bilen ýörite söhbetdeşligi ýetirer. Gepleşik Aşgabat wagty bilen sagat 16:25-de başlanar.

«Soçi» «Barsany» ýeňen tälimçi bilen şertnama baglaşdy. Gurban Berdiýew bilen taýýarlanan ýörite söhbetdeşligi sypdyrmaň!» diýip, ýaýlymyň Telegram-kanalynda aýdylýar.

Söhbetdeşlikde türkmenistanly tälimçi Eýranda işlän günleri we «Soçiniň» öňünde goýan maksatlary barada gürrüň berer.

Soçi şäheriniň adybir topary Gurban Berdiýew bilen şertnama baglaşylandygyny geçen ýylyň dekabr aýynda habar beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň