Şols goranmak ministriniň işden gitmek baradaky ýüztutmasyny kabul etdi

11:4917.01.2023
0
35072

Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols ýurduň goranmak ministri Kristine Lambrehtiň iş başyndan gitmek barada haýyşnamasyny kabul etdi. Bu barada Germaniýanyň hökümetiniň wekili Kristiane Hofman habar berdi diýip, «Belta.by» saýty ýazýar.

Hökümetiň wekili Şolsuň ministriň çözgüdine hormat goýmak bilen garandygyny nygtady. Lambreht işden boşadylandygy barada hat gowşurylýança wezipe ygtyýarlylyklaryny dowam eder.

Ýakyn wagtda kansler GFR-niň Prezidentine harby edaranyň başlygy wezipesine täze wekili teklip eder. Täze ministriň ady sişenbede yglan ediler diýip, ýurduň «Frankfurter Allgemeine Zeitung» gazeti hökümetdäki çeşmelere salgylanyp, habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň