Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatynyň sergisi açyldy

08:5718.06.2015
0
3344

17-nji iýunda paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de “Meridyen” türk kompaniýasy tarapyndan guralan Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatynyň sergisi açyldy.

Sergä gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna Türkiýe Respublikasynyň dürli sebitlerinden — Stambuldan, Ankaradan, Izmirden, Mersinden we beýleki ýerlerden işewürleriň uly wekiliýeti geldi.

Gurluşyk materiallary senagatynda, ýaşaýyş jaýlaryny, edara binalaryny we kärhanalary bezemek üçin harytlary çykarmak babatda öňdäki orunlary eýeleýän  türk öndürijileriniň tehniki täzelikleri giňden görkezilýär.

Kompaniýalaryň ajaýyp bezelen bölümlerinde dürli önümleriň nusgalary—metal gurnama, üçek, bezeg we örtük önümleri, santehniki enjamlar, elektrik geçiriji we yşyklandyryjy toplumlar, galyplyk, şol sanda ýerasty geçelgeleriň gurnamalaryny guýmak üçin galyplyk ulgamlary, ýylylyk saklaýjy aýratyn häsiýeti bolan gelşikli  penjireler we gapylar hem-de beýlekiler görkezilýär. Bölümde transformatordan başlap, beton garyja çenli ýöriteleşdirilen enjamlar aýratyn orun tutýar. Sergi merkeziniň açyk meýdançasynda ýöriteleşdirilen tehnikalar görkezildi.

Sergide logistika, gurluşyk hem-de gurluşyk materiallaryny öndürmek ulgamynda, binalaryň daşky we içki bezeg işlerini alyp barmakda türk kompaniýalary bilen  hyzmatdaşlyk edýän ýurdumyzyň telekeçileri hem  diwarlyklaryny görkezdiler.

Köpsanly adamlar, potratçy kompaniýalaryň we pudak edaralarynyň, hususy işewürligiň wekilleri sergide görkezilen önümler bilen içgin tanyşdylar.

Türkmen paýtagtynda  Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk senagatynyň önümleriniň her ýylda guralýan bu sergisi  biziň ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynyň baý tejribä hem-de uly kuwwata eýediginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar hem-de milli ykdysadyýetleriň serişdelerini we üstünliklerini nazara alanyňda, söwda-ykdysady gatnaşyklarda täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilendir.

Şu gün sergi öz işini dowam etdirer.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň