Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda durmuş işleri boýunça hünärmenleriň täze topary esasy okuwlaryň ikinji tapgyryny geçdi

16:0715.01.2023
0
24991

Türkmenistanda durmuş işleri boýunça hünärmenleriň täze topary esasy okuwlaryň ikinji tapgyryny geçdi. ÝUNISEF Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen bilelikde gurnalan sessiýalar durmuşy işleri geçirmegiň wajyp meselelerine bagyşlanandyr.

Hünärmenlere durmuş işlerini alyp barmagy öwretmek bileleşikleriň derejesinde sosial hyzmatlary girizmek arkaly ýurtda durmuş taýdan goraglylyk ulgamyny gowulandyrmak BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň bilelikdäki maksatnamasynyň möhüm düzüm bölegidir.

Durmuş işleri boýunça işgärler hyzmatlardan peýdalanyjylar bilen hünär gatnaşyklaryny döretmegiň, ilatyň dürli toparlary bilen gürrüňdeşligi alyp barmagyň aýratynlyklary bilen tanyş boldular. Olar şeýle hem maglumat ýygnamagyň we şol sanda maşgalalar, gartaşan adamlar bilen söhbetdeşlik geçirmegiň usullaryny öwrendiler, olaryň zerurlyklaryny bahalandyrmagyň gurallaryny öwrendiler. Durmuş işleri boýunça hünärmenler maslahat bermegiň we maksatlaýyn toparlary höweslendirmegiň inçe tärleri barada bilim aldylar.

Okuwyň birinji tapgyry geçen ýylyň dekabrynda geçirilipdi. Onuň çäklerinde gatnaşyjylar durmuş işleriniň we durmuş hyzmatlarynyň esasy konsepsiýasy bilen tanyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň