UEFA Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama oýunlarynyň geçiş tertibini tassyklady

18:4317.06.2015
0
2777

Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi öz resmi saýtynda 2018-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama böleginiň bije çekişliginiň şertlerini tassyklady. Ol 25-nji iýulda Sankt-Peterburgda geçiriler diýip, “Sport-ekspress” neşiri habar berýär.

Saýlama oýunlaryna Russiýa (ýer eýesi hökmünde) we Gibraltar (FIFA girmeýänligi sebäpli) gatnaşmazlar. 52 topary “seçmek” üçin UEFA FIFA-nyň iýuldaky reýtinginde peýdalanar. Toparlaryň ählisi 6 gapda ýerleşdirdiler (olaryň bäşisiniň hersinde 9, birinde bolsa ýedi topar bolar). Bije çekişligiň netijeleri boýunça 9 saýlama toparça düzdüler (toparçalaryň ýedisinde 6, ikisinde bolsa 5 topar bolar).

Angliýa, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ispaniýa we Gollandiýa hökmany suratda 6 ýygyndyly toparçalara düşüriler. Syýasy ýagdaýlar sebäpli Azerbaýjanyň we Ermenistanyň toparlary aýry-aýry toparçalara ýerleşdiriler.

Final bölege iň gowy toparlaryň 9-sy çykarlar. Dokuz toparçadan iň gowy netije görkezen 8 topar galan 4 ýollanma ugrunda göreşer.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň