Germaniýada Lýutserat obasynyň ýykylmagyna garşy çykyşlar boldy

18:0015.01.2023
0
26623
Germaniýada Lýutserat obasynyň ýykylmagyna garşy çykyşlar boldy
Surat: mir24.tv

Germaniýanyň Lýutserat atly obasynyň ýaşaýjylary öz öýlerini ýykylmakdan halas etmek üçin göreşýärler. Adamlary bu ýerde kömür gazyp almagy giňeltmek üçin göçürýärler diýip, «MIR 24» ýazýar.

Ilatly ýeri goramak üçin eko-işjeňler göreşýärler, olar hakyky barrikadalary gurup, polisiýanyň garşysyna çykyş edýärler.

Ilaty bary-ýogy 400 adamdan ybarat bolan oba ýurduň çär künjeginden kömege gelýärler, 14-nji ýanwarda geçen garşylyk çykyşlaryna dürli habarlara görä, 8-den 35 müňe çenli adam gatnaşdy. Olara meşhur ekologiýany goraýjy gyz Greta Tunberg hem goşuldy.

Ýurduň hökümeti Lýutserat obasynyň ýerleşýän ýerinde täze kömür şahtasyny açmak üçin ýykmaga rugsat berdi, karara görä, ähli öýler ýanwaryň ahyryna çenli boşadylmalydy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň