Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda çagalar üçin täze onlaýn žurnallar elýeterli edilýär

15:2614.01.2023
0
27261

Milli gymmatlyklary wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mahabat» müdirligi çagalar üçin žurnallary çykaryp başlady.

Bu žurnallaryň aýratynlyklary:

  • Milli multfilm gahrymanlary esasynda taýýarlanmagy;
  • QR kod arkaly degişli multfilmini, audio ýa-da wideo materialyny görmek mümkinçiligi;
  • Çagalar üçin android oýunlarynyň bolmagy;
  • Çagalaryň zehini ýeteltmäge gönükdirilen meseleler, ýagny logika, sudoku, piramida, krosslogika degişli soraglaryň bolmagy;
  • Tematiki aýratynlygy boýunça reňkleme kitaplar;
  • Mahabat sahypasynyň bolmagy.

Häzirki wagtda žurnallar «Sagdyn nesil», «Tebigaty goralyň», «Zehin soraglary», «Başarjaň», «Elwan depderim», «Gadyrdan dostlarym» ady bilen çykýar. Bu žurnallary Türkmenistanyň söwda dükanlaryndan we şu salgydan satyn alyp bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň