Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Latwiýanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

10:2613.01.2023
0
29472

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Egils Lewitse hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Latwiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Egils Lewitse tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Latwiýa Respublikasynyň halkyna bolsa öňegidişlik we gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň