Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-inde Katar döwletiniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

06:5417.06.2015
0
2251

16-njy iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Katar Döwletiniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Haled ben Muhammed Al Atiýýa bilen duşuşyk geçirildi.

Bu ýerde bolan iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň, şeýle hem özara bähbitleriň we iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak arkaly üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň barşynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň işiniň ähmiýeti bellenildi.

Medeni-gumanitar ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada aýtmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanda we Katarda medeniýet günlerini guramak, iki ýurduň arasynda sport ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Katar Döwletiniň Daşary işler ministriniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen duşuşyk geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň