Özbegistan ýurduň Jizzah sebitinde ösdürilip ýetişdirilen zagpyranlary Türkmenistanyň bazarlaryna eksport etmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Yangi Uzbekiston» internet neşiri habar berýär.
Habarda zagpyranlaryň BMB «Za’faron» söwda nyşany bilen Germaniýa hem-de Şwesiýa ýaly ýurtlaryň bazarlaryna hem eksport ediljekdigi aýdylýar. Bu hakynda «BMB Trade Group» kompaniýasynyň Gözegçilik geňeşiniň başlygy Bekzod Mamatkulow bilen Özbegistan Respublikasynyň adatdan daşary we doly ygtyýarly wekili Nabijon Kasymowyň, şeýle hem Özbegistanyň Şwesiýadaky işler wagtlaýyn ynanylan wekili Nodir Ganiýewiň arasynda geçirilen duşuşykda aýdyldy.
Özbegistanyň Germaniýadaky we Şwesiýadaky, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşykda belleýişleri ýaly, BMB «Za'faron» söwda nyşany tarapyndan öndürilen ýokary hilli zagpyran bu ýurtlaryň bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Şeýle hem olar türkmen bazarlarynda miwe we gök önümlere islegiň has ýokarydygyny nygtadylar.
Gepleşikleriň netijesinde taraplar «BMB Trade Group» kompaniýasy bilen Türkmenistanyň, Germaniýanyň we Şwesiýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyklarda eksport taslamalaryny mundan beýläk-de ara alyp maslahatlaşmak barada ylalaşyk gazandylar.