Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

22:0509.01.2023
0
24961
Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, maslahatda ýurduň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri şu günler sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şeýle hem ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýandygy, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleriniň talabalaýyk guralýandygy, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin degişli çäreleriň geçirilýändigi barada aýdyldy.

Hasabatlaryň çäginde häzirki wagtda öňde duran oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylýandygy, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýändigi barada-da habar berildi.

Häkimler welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynda we medeni-durmuş maksatly binalarda ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hem habar berdiler.

Hasabatlarda welaýatlarda gurluşygy alnyp barylýan önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalardaky işleriň depgini barada-da aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň girewidigini belledi hem-de gowaça ekiljek meýdanlardaky sürüm we tekizleýiş işleriniň talabalaýyk guralmagy babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işlerine ünsi çekip, bu işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda-da häkimlere degişli tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda welaýatlarda gurulmagy meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň berk gözegçilikde saklanylmagy, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi, olaryň depginini ýokarlandyrmak babatda häkimlere birnäçe görkezmeleri berdi.

Iş maslahatynda ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygy, degişli sebitlerde ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleriniň depginini ýokarlandyrmak barada hem bellenildi we bu babatda birnäçe görkezmeler berildi.

Soňra wise-premýer A.Ýazmyradow ýurduň welaýatlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri, hususan-da, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şu ýylda gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmek üçin ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde, ýazky ösüş möwsüminde pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek, ekiş möwsüminde işlediljek tehnikalary we gurallary abatlamak, welaýatlarda ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini kesgitlemek boýunça zerur çäreler görülýär.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurduň milli ykdysadyýetindäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şeýle-de gowaça ekiljek meýdanlary taýýarlamak, oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak boýunça ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer A.Ýazmyradowa hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg etmegiň, gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamagyň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň üpjün edilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň