Soňky habarlar

Arhiw

«Real» myhmançylykda «Wilýarrealdan» ýeňildi

22:2507.01.2023
0
26173

Ispaniýanyň çempionatynyň 16-njy tapgyrynda «Wilýarreal» topary öz öýünde «Realy» ýeňlişe sezewar etdi. 2:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlanan oýun «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görkezildi.

Oýnuň ikinji ýarymynyň başynda Ýeremi Pino «Wilýarrealy» hasapda öňe çykardy. 60-njy minutda «Realyň» hüjümçisi Karim Benzema penaltini dürs ýerine ýetirip, hasaby deňledi. Ýöne aradan bary-ýogy üç minut geçip, emin indi «Realyň» derwezesine tarap penalti belledi we 11 metrlik jerime urgusyndan netijeli peýdalanan Herard Moreno «sary suwasty gämisine» ýeňiş getirdi.

Şeýlelikde, «Real» 38 utuk bilen turnir tablisasynyň ikinji ornunda galdy. Bassyr üçünji ýeňşini gazanan «Wilýarreal» bolsa 27 utuk bilen bäşinji ýerde barýar.

Ýeri gelende, «Realyň» esasy düzüminde meýdança çykan oýunçylaryň arasynda ýekeje-de ispan oýunçysynyň ýokdugyny bellemek gerek. Şeýle ýagdaý soňky 121 ýylyň içinde ilkinji gezek ýüze çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň