Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary Hytaýda okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar

21:5206.01.2023
0
45847

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde, şu gün Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bu ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar.

Bellenilişi ýaly, Hytaýda okaýan türkmen talyplary Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ýaşlar barada edilýän aladalar, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda döredilýän şertler üçin hoşallyk sözlerini beýan edip, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýen şygar bilen geçýän 2023-nji ýylda Türkmenistanyň abraýynyň has-da belende galmagyna, türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Bu wakadan ýadygärlik hökmünde, Hytaýda okap bilim alýan talyplara Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, şol sanda “Ömrümiň manysy” atly kitaby gowşuryldy.

Hytaý Halk Respublikasynda okaýan türkmen talyby Sapargeldi Amangeldiýew “Watan” habarlary gepleşiginiň habarçylaryna beren interwýusynda:

— Hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Serdarymyz Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary bilen geldi. Bu waka biziň — bu ýerde okap bilim alýan, hünär öwrenýän ähli türkmen talyplarynyň buýsançly başyny göge ýetirdi.

Bu günki gün türkmen ýaşlaryna örän uly ynam bildirilýär. Biz täze ýylyň bosagasynda eziz Watanymyz Türkmenistanda 2023-nji ýyla goýlan ady eşidip, örän begendik, ajaýyp döwrümize buýsanjymyz has-da artdy. Sebäbi garşylan täze ýylymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly!

Ata Watanymyz Türkmenistanda täze ýylyň şygary-da, nyşany-da ýaşlara bildirilýän belent ynamy özünde jemleýär. Şonuň bilen birlikde, olar ýaşlar üçin täze, giň mümkinçilikleriň açylýandygyny, ýaş nesliň zehinine, ukyp-başarnygyna, ylym-bilimine has-da uly ähmiýet we üns beriljekdigini alamatlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil ylym-bilim almagy, sport bilen meşgullanmagy, hünär öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmegi, şol sanda dünýäniň iň ösen ýurtlarynda okamagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa biz — türkmen ýaşlaryny täze maksatlara, belent üstünliklere ruhlandyrýar.

Ýaşlara ylym-bilim almaga, hünär öwrenmäge, Watanymyza gerekli, ilhalar adamlar, kämil hünärmenler bolup ýetişmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun! — diýip belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň