Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Milli muzeýine baryp gördi

21:4106.01.2023
0
34767

Şu gün Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde geçirilen ýokary derejedäki türkmen-hytaý gepleşiklerinden soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu ýurduň Milli muzeýine baryp gördi.

Bellenilişi ýaly, bu ýerde türkmen döwletiniň Baştutanyny muzeýiň direktory mähirli garşylady. Ol Prezident Serdar Berdimuhamedowy hytaý halkynyň baý sungatyny we köp müňýyllyk taryhyny aýawly saklamak, wagyz etmek maksady bilen döredilen, dünýädäki iri muzeýiň täsin gymmatlyklaryny synlamaga çagyrdy.

Häzirki wagtda bu dünýä belli muzeýiň gaznalarynda gadymy döwürlerden şu günlere çenli Hytaýyň ösüşiniň esasy taryhy döwürleri barada gürrüň berýän gymmatlyklaryň 1 milliondan gowragy saklanýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýerde «Sazlaşyk» atly sergi zalynyň gymmatlyklaryny gyzyklanma bilen synlady.

Muzeýiň direktory muzeý we onuň döredilmeginiň taryhy, bu ýerdäki gymmatlyklar barada giňişleýin gürrüň berdi.

Nygtalyşy ýaly, bu ýerdäki baý miras ýüzýyllyklaryň dowamynda medeniýetleriň özara baýlaşandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Beýik Ýüpek ýoly medeniýetleriň kemala gelmegine uly täsirini ýetirdi. Bilelikdäki tagallalar bilen täzeden dikeldilýän bu meşhur ýol häzirki wagtda Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky iri söwda ýoluna öwrülmek bilen çäklenmän, eýsem, özleriniň däplerine we taryhyna aýawly garaýan türkmen hem-de hytaý halklarynyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň aýgytlaýjy şerti bolup durýar.

Muzeý gymmatlyklary bilen tanyşlykdan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow muzeýiň direktory we dostlukly ýurduň wekilleri bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň