Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy bilen duşuşdy

21:3806.01.2023
0
40077

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşu bilen duşuşdy.

Hytaýyň Halk Ýygnaklar öýünde geçirilen duşuşygyň dowamynda strategiki häsiýete eýe bolan Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça dürli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hytaý bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, kanun çykaryjy guramalaryň arasyndaky alyş-çalyşlary çuňlaşdyrmaga, Hytaý bilen hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmäge üns berýändigini belledi.

«Sinhua» hytaý habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Li Çžanşu türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda durnukly we çalt ösüşe eýe bolandygyny nygtady.

Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy parlamentara hyzmatdaşlygyny iki ýurduň dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegi hökmünde belläp, soňky ýyllarda Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagy bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň arasynda dürli derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny aýtdy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň