Soňky habarlar

Arhiw

Moskwanyň Halkara uniwersiteti ýazky okuwa kabul edişligi yglan edýär

10:2106.01.2023
0
28550

Moskwanyň Halkara uniwersitetiniň Türkmenistandaky resmi wekiliýeti bolan «Iş nokady» kompaniýasy türkmen dalaşgärlerini MHU-nyň talyby bolmaga çagyrmak bilen, uzak aralykdan okap bilim almagyň maksatnamasyna kabul edişligi geçirýär.

2023-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli uniwersitetde okap bilim almak babatda arzanladyşdan peýdalanmak mümkinçiligi bardyr.

«Iş nokady» hojalyk jemgyýeti 2021-nji ýyldan bäri türkmen dalaşgärlerine Moskwanyň Halkara uniwersitetine okuwa girmek bilen bagly meselelerde ýardam berýär we okuwyň bütin dowamynda goldawyny ýetirip gelýär.

MHU-da okuwlar uzak aralykdan rus dilinde alnyp barylýar. Sapaklaryň bu hili çeýe usulda geçirilmegi okuwlary iş ýa-da beýleki okuwlar bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik döredýär.

MHU-nyň onlaýn-maksatnamasy häzirki zaman uzak aralykdan geçilýän okuw tehnologiýalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanandyr. Uniwersitetde şu görkezilen ugurlar boýunça okap bilim alyp bolýar:

  • ykdysadyýet;
  • menejment;
  • döwlet we häkimlik dolandyryşy;
  • hukuk işi;
  • žurnalistika;
  • dil bilimi;
  • psihologiýa;
  • reklama we PR.

MHU-da okap bilim almak häzirki zaman zähmet bazarynda uly talap bildirilýän hünäriň eýesi bolmaga, täze tejribäni özleşdirmäge we tanyşlygyňy giňeltmäge ýol açar.

MHU-a okuwa girmek meseleleri bilen bagly maslahat sapaklaryna şu salgylanmadan ýazylyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň