Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti nebit ýataklarynyň täze gorlaryny kesgitlemek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy

11:4005.01.2023
0
28031
Türkmenistanyň Prezidenti nebit ýataklarynyň täze gorlaryny kesgitlemek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze nebit ýataklaryny kesgitlemek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy diýip, türkmen telewideniýesiniň «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, 4-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýurduň nebit-gaz toplumynyň işi baradaky hasabatyny diňledi.

Wise-premýer «Çeleken» şertnamalaýyn çäkde ýerleşýän «Çelekenýan gümmez» gurluşyny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşi nebitgaz ýataklaryny çalt depginde özleşdirmek, şeýle hem täze guýulary burawlamak arkaly amala aşyrylýar. Munuň özi çig nebitiň çykarylýan möçberini ep-esli artdyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, amala aşyrylýan pudaklaýyn taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän iri ugurdaş kompaniýalary çekmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze özleşdiriljek nebit ýataklarynyň gorlaryny kesgitlemek boýunça alnyp barylýan işleriň ýurduň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de artdyrmakdaky ähmiýetini belledi we şunuň bilen baglylykda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň