Iýmiti çäklendirmegiň Halkara gününi nädip bellemeli

10:0605.01.2023
0
27223
Iýmiti çäklendirmegiň Halkara gününi nädip bellemeli
Surat:blog.korayspor.com

Biziň her birimiz diýen ýaly Täze ýyl günlerinde gereginden artyk derejede naharlananymyzdan soň, ertirden başlap mäkäm berhiz tutmak we agyr naharlardan daşda durmak barada özümizi ynandyrýarys. Işjeň durmuş ýörelgesine eýerýänler üçin dynç alyş günlerinde iýilýän 3-5 kg agramly naharlary siňdirmek ýeňil düşýär, ýöne köp kişi beýle mukdary aňsat siňdirip bilmeýär, munuň üçin bolsa özboluşly yhlas etmeli bolýar.

Adatça, naz-nygmata baý toý saçagy bilen garşy alynýan Täze ýyl naharlanan mahalymyzda aşgazan iýilýän köp mukdardaky iýmitiň täsiri esasynda az-kem giňeýär, üstesine-de, gandaky şekeriň derejesi ýalan açlyk hem-de bir zatlar garbanmak islemek duýgusynyň döremegine sebäp bolýar.

Ýörite artykmaç agrama garşy göreşmek çäreleriniň çäginde her ýylyň 5-nji ýanwarynda bellenip geçilýän Iýmiti çäklendirmegiň halkara güni döredildi. Bu gün edil Täze ýyl baýramçylygy we onuň dabaralary tamamlanan mahaly we «Horlanmak üçin nämeleri iýip bolar» diýen soragyň ör boýuna galan mahalynda bellenilýär.

Iýmiti çäklendirmegiň halkara gününi bellemek örän aňsat, munuň üçin diňe iki düzgüni berjaý etmek ýeterlik: kaloriýa ýetmezçiligi we beloklaryň, ýaglaryň we uglewodlaryň deňagramlylygy. Bu günde aç gezmek hökmany däl. Bu günüň tagamnamasynyň esasy sagdyn iýmitleri — gök önümler, ýagsyz et, däne önümleri (ýöne kaloriýasy köp bolany üçin tüwi iýmek maslahat berilmeýär), az ýagly süýt önümleri we süýji bolmadyk miweler bolmaly. Ýene bellemeli zatlaryň biri, miwelerden seresap bolmalysyňyz, sebäbi köplenç iýmitde C witaminiň köp bolmagy işdäň açylmagyna getirip bilýär.

Surat: volshebnaya-eda.ru

Saglyk ýagdaýyňyz mümkinçilik berýän bolsa, has kyn görnüşi hem saýlap alyp bilersiňiz. Bu şiresi alnan ter gök önümlere we miwelere esaslanýan mono-dietadyr. Bu ýagdaýda şireler içgi däl-de, iýmit hökmünde çykyş edýär we arassa agyz suwunyň ornuny tutup bilmeýär.

Iýmiti çäklendirmek günlerinde maslahat berilmeýän aýratynlyklara şular degişlidir — göwrelilik we laktasiýa, süýji keseli, aşgazan-içege ulgamynyň, peşew ýollarynyň dowamly keselleri, madda çalşygynyň bozulmagy.

Şeýle hem kefir, dorag ýa-da belok mono-berhizleri bar, ýöne olar diňe aşgazan-içege ulgamy, ýokarlanan kislotlyk ýa-da laktoza çydamsyzlygy bilen baglanyşykly kynçylyk çekýänler üçin laýykdyr.

Aç bolmagy meýilleşdirmän, özüňizi diňe kaloriýalardan çäklendirmek isleseňiz, olaryň sanyny hasaplamak üçin öz agramyňyzy we BMI-ni (bedeniň massasynyň indeksini) anyk bilmelisiňiz. Kaloriýa ýetmezçiligini aýallar üçin 1000 kkaldan az, erkekler üçin 1500 kkaldan az sarp etmek bilen üpjün edip bolýar.

Iýmiti çäklendirmek gününde iýýän zatlaryňyzdan duzy, goşundylary we souslary çäklendirmek zerurdyr. Olar bedende suw saklaýar we çişmä sebäp bolýar, ýöne arassa agyz suwuny bolsa bedeniň talap edişine laýyk derejede kabul etmek bolar (ýöne özüňizi suw içmäge mejbur etmäň). Günüň dowamynda 5-6 gezek az-azdan naharlanmaly, gowrulan iýmitlerden ýüz öwrüp, ýaglylygy az mukdarda bolan gaýnadylan ýa-da bişirilen tagamlary kabul etmek iň ýerliklisidir. Süýji gazly suwlardan, tortlardan we konditer önümlerinden, çipslerden hem-de alkogoldan düýbünden ýüz öwürmeli - olarda köp kaloriýa köp bolup, bu tagamlaryň ýokumlylygy gaty pesdir.

Diňe bir günlük iýmit kabul edişiňi çäklendirmek örän aňsat, esasy zat dogry iýmitlenmek ýörelgelerini berjaý etmegi dowam etdirmek, sagdyn iýmitleri ileri tutmak we has işjeň durmuş ýörelgesine eýermekdir.

Peýdalanylan çeşmeler:vsluh.ru; calend.ru; 12.rospotrebnadzor.ru

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň