Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durky täzeleniler

23:1304.01.2023
0
23161

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer A.Ýazmyradow öz hasabatynyň çäklerinde «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek boýunça görülýän çäreler barada-da aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä meşhur ahalteke bedewleriniň Watany bolan Türkmenistanyň atçylyk pudagynyň ösdürilmegine, onuň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna döwlet derejesinde üns berilýändigini nygtady.

Döwlet Baştutany pudagy mundan beýläk-de ösdürmekde türkmen halkynyň köp asyrlaryň dowamynda bu ugurda toplan tejribesini hem-de ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň ulanmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň