Soňky habarlar

Arhiw

Aktýor Jeremi Renner agyr şikes aldy

13:1604.01.2023
0
33597

Golliwudyň ýyldyzy, aktýor Jeremi Renner öýüniň daş-töweregini gardan arassalap ýörkä, hususy gar arassalaýjy enjamyna aýagy düşüp, agyr şikes aldy. TMZ neşiriniň ýazmagyna görä, aktýor köp gan ýitirdi we hassahana eltildi. Galyberse-de, aktýoryň bedeniniň beýleki ýerlerine hem şikes düşendigi aýdylýar.

Häzir Renneriň ýagdaýynyň durnukly agyr ýagdaýdadygy habar berilýär. Oňa «Tiz kömek» gelýänçä goňşusy aýagyndan akýan gany saklamaga kömek edipdir.

Jeremi Ranner «Ar alyjylar», «Harasaty agyzdyryklaýjy», «Arwahlary awlaýjylar», «Ogrularyň şäheri» we «Tor» ýaly filmlerde döreden keşpleri bilen meşhurlyk gazandy.

Ýeri gelende aýtsak, 2019-njy ýylda amerikan aktýory Kewin Hart biloňurgasynyň üç ýerinden şikes alyp, hassahana düşdi. Onuň münen awtoulagy ýol germewine urlup, dört metrlik jara gaçdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň