Soňky habarlar

Arhiw

Braziliýada täze Prezident wezipesine girişdi

14:1702.01.2023
0
30073

Braziliýada geçen ýylyň oktýabr aýynda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanan Luis Inasui Lula da Silwa resmi taýdan döwlet wezipesine girişdi.

«Men Konstitusiýany goramaga, goldamaga we berjaý etmäge, kanunlara uýmaga, Braziliýanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny goramaga kasam edýärin» diýip, Lula da Silwa kasam kabul ediş dabarasynda belläp geçdi.

Dabara täze düzülen we 37 ministrden ybarat bolan Ministrler Kabinetiniň agzalary, beýleki syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary we köp sanly adamlar gatnaşdy. Planaltu köşgüniň golaýynda köp sanly adamlar ýygnandy.

Braziliýada prezidentiň ygtyýarlyk möhleti 4 ýyl. Lula da Silwa 3 gezek prezidentlige saýlandy. Ol mundan ozal 2003-nji ýyldan 2010-njy ýyla çenli prezident wezipesini ýerine ýetiripdi.

Prezident Lula da Silwa wezipesine girişenden soňra ilkinji kararlaryny kabul etdi. Onuň ilkinji gol çeken kararlarynyň biri täze hökümetiň düzümini tassyklamak boldy we ministrlikleriň sany 37-ä ýetirildi. Şeýle hem ol has köp mätäç boanlar üçin döwlet kömek pulunyň möçerini 405-den 600 reala ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň