Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Slowakiýanyň Prezidentini gutlady

11:0601.01.2023
0
38048
Serdar Berdimuhamedow Slowakiýanyň Prezidentini gutlady
Surat: ria.ru

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Zuzana Çaputowa we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany öz hatynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Zuzana Çaputowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, bu ýurduň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň