Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda täze hünärler açylýar

09:2112.06.2015
0
6955

Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda täze “gämi gurluşygy” we “Radioelektron gurluşlar we toplumlar” hünärleri açylýar.

Ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasynyň uçurylmagy we taslamasynda gämi gurluşyk hem gämi abatlaýyş zawodlaryny göz öňünde tutulýan Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň dowam edip duran gurluşygy sebäpli bu ulgamlar üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Ady agzalan ýokary okuw mekdebinde açylýan täze hünärler bu ugurda gerekli hünärmenleri ýetişdirmäge ýardam berer.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň