Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň nyşanyny tassyklady

22:1229.12.2022
1
45331
Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň nyşanyny tassyklady
Surat: Türkmenmetbugat

Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem gatnaşdy.

Mejlisiň başynda çykyş eden Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa täze, 2023-nji ýylyň nyşanynyň teklip edilýän taslamasyny Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.

Mejlisiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli taýýarlanan nyşanyň taslamasy tegelek Zemin şekilinde bolup, onda täze dogup gelýän Günüň şöhlesi bütin jahana we berkarar döwletiň, Garaşsyz, Bitarap ýurduň asudalygyny we bagtyýarlygyny aňladýan Türkmenistanyň kartasyna ýalkym saçýar. Ýaşyl reňk ösüşi, özgerişi we bahar paslyny alamatlandyryp, ol türkmen halkynyň bagtyýarlyk zamanasyny şöhlelendirýär. 2023-nji ýylyň nyşanynda ýurduň kartasynyň ýokarsynda guşuň keşbini hem-de ýaşajyk pyntyjagy ýatladýan şekil ýerleşdirilen. Ol Türkmenistany öňe sary alyp gitjek ýaşlaryň watançylyk duýgularynyň mysaly hökmünde suratlandyrylýar.

Gyzyl, ýaşyl, sary, benewşe, gök reňklerdäki älemgoşar öwüşginli gül ýaprajyklarynda ýurduň bäş welaýatynyň haly gölleri ýerleşdirilip, ol türkmen halkynyň jebisliginiň manysyny berýär.

Nyşanyň aşagynda «2023» diýen ýazgy we onuň taraplarynda ösüp gelýän ýaşajyk pyntykly şahalar ýerleşdirilen. Bu bolsa 2023-nji ýylda ýurtda ösüp gelýän ýaşlara uly ähmiýet beriljekdiginiň alamaty hökmünde beýan edilýär.

Nyşanyň umumy mazmuny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak ýoly bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bütin türkmen halkynyň jebis bolup, ýaşlar bilen geljekde ata Watanyň gülläp ösmegi ugrunda gujurly we gaýratly zähmet çekjekdigini suratlandyrýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň aýdan maglumatlaryny diňläp, Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan teklip edilýän 2023-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny goldady hem-de tassyklady. Döwlet Baştutany 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýip yglan edip, täze ýylyň şygaryny we nyşanyny metbugatda hem-de teleýaýlymlarda ýerleşdirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň