Katar ― 2022-niň iň gowy emini belli edildi

14:5629.12.2022
0
23761

Italiýaly Daniel Orsato Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynyň «Iň gowy emini» diýen ada mynasyp boldy. Bu barada FIFA-nyň resmi saýty habar berýär.

Orsato Julio Kampanati adyndaky halkara baýrak gowşuryldy.

Emin geçen dünýä çempionatynda üç duşuşygy alyp bardy. Has takygy, oňa Katar bilen Ekwadoryň (açylyş duşuşygy), Argentina bilen Meksikanyň (ikinji tapgyr) we Argentina bilen Horwatiýanyň (ýarymfinal) duşuşyklary ynanyldy.

Dünýä çempionatynyň iň gowy eminine niýetlenen baýrak 2014-nji ýyldan bäri gowşurylyp gelinýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň