Soňky habarlar

Arhiw

«Owadan Ülke» 2022-nji ýylda ondan gowrak täze önümleriň önümçiligini ýola goýdy

09:5629.12.2022
0
31969

«Owadan Ülke» hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýyldan bäri alyjylar bazarynda eýýäm alty ýyllap önümlerini hödürläp gelýär. Kärhananyň maýonez, üwmeç, gaplanan gök önümler, «Nur», «Mylaýym», «Hazyna» ýaly haryt nyşanly mürepbe we jem önümleri halk köpçüligi tarapyndan uly isleg bilen satyn alynýar.

Kärhananyň öndürýän önümleriniň täze atly görnüşleri ýylyň-ýylyna artdyrylýar. 2022-nji ýylda hem hojalyk jemgyýeti tarapyndan birnäçe täze görnüşli önümler — «Nur» we «Hazyna» haryt nyşanly sary ýag, 40-dan 82 %-e çenli ýaglylygy bolan mesge ýaglarynyň 4 görnüşi, süýjülik pastasynyň hozly we kakaoly iki görnüşi, «Nur» hem-de «Mylaýym» haryt nyşanly mürepbeleriň birnäçe görnüşleri (ýertudanaly, böwürslenli, erikli, üljeli), şeýle-de assorti — marinadlanan kelemli gök önümler öndürilip başlandy.

«Owadan Ülke» kärhanasyna hil we azyk howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamy ornaşdyrylan. Kärhananyň ähli önümçilik işleri ISO9001: 2015 we HACCP dolandyryş ülňülerine laýyklykda sertifikatlaşdyrylandyr. Bu ýylda bolsa auditiň netijelerine laýyklykda, kärhana üçin ISO sertifikatynyň möhleti uzaldyldy.

Tamamlanyp barýan ýylda «Owadan Ülkäniň» hyzmatdaşlarynyň sany artdy: täze hyzmatdaş üçin bu ýerde ýörite «ESMO» haryt nyşany döredildi we bu haryt nyşany bilen ýaglylygy 25 we 40% bolan maýonezleriň önümçiligi ýola goýuldy.

«Owadan Ülke» HJ-niň önümleri bu ýylda geçirilen ähli sergilerde — paýtagtymyzyň gününe bagyşlanan sergide, Garaşsyzlyk baýramynyň sergisinde we beýleki sergilerde tanyşdyryldy. Şunuň bilen birlikde hem, kärhananyň wekilleri geçirilen ähli biznes-forumlara, maslahatlara we beýleki çärelere işjeň gatnaşdylar.

Öňümizdäki ýylda hem «Owadan Ülke» önümleriniň haryt görnüşlerini artdyrmagy meýilleşdirýär. Kärhananyň hünärmeniniň belleýşi ýaly, bu ýerde tomat sousy bilen gaplanan nohudy öndürmek hem-de ozal özleşdirilen önümleriň öndüriliş işini giňeltmek nazarda tutulýar.

«Owadan Ülke» kärhanasy Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherçesiniň N.Halmämmedow köçesiniň 1-nji «A» jaýynda ýerleşýär. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 63) 29 82 28, (+993 137) 3 66 63. Elektron poçta salgysy: info@owadanulke.com. Sosial media ulgamyndaky hasaby.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň