Soňky habarlar

Arhiw

FIAS 2023-nji ýyldaky halkara ýaryşlaryň meýilnamasyny paýlaşdy

11:2628.12.2022
0
21883

Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) resmi saýtynda 2023-nji ýylda sambo boýunça geçiriljek halkara ýaryşlaryň sanawy paýlaşyldy.

Ilkinji nygtalmaly zat 2023-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň Ermenistanda geçiriljekligidir. Şeýle hem senenamada 21 ― 30-njy oktýabr aralygynda Saud Arabystanynda geçiriljek Bütindünýä söweş sungatlary boýunça oýunlar özüne ýer tapdy. 27 ― 29-njy noýabr aralygynda bolsa Tailanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary geçiriler.

Dünýä çempionaty öň Müsürde geçirmek meýilleşdirilipdi , emma bu ýurduň milli sambo federasiýasy üýtgän ýagdaýlar sebäpli arzasyny yzyna aldy. Netijede, FIAS-yň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary Ermenistanyň dalaşgärligini goldamak kararyna geldi. Şol bir wagtyň özünde, şol ýylyň oktýabr aýynda Ýerewanda ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatyny geçirmegiň mümkinçilikleri hem öwrenilýär. Ýer togalagynyň iň güýçli samboçylarynyň ýaryşlary 2023-nji ýylyň 10-12-nji noýabrynda Ermenistanyň paýtagtynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň