Soňky habarlar

Arhiw

Guamyň ýygyndysy Türkmenistanyň ýygyndysyndan sähelçe tapawut bilen üstün çykdy

23:1911.06.2015
0
1633

Guamyň ýygyndysy Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama böleginiň duşuşygynda öz meýdanynda 1:0 hasabynda Türkmenistanyň ýygyndysyndan üstün çykdy. Şeýlelikde, bu ýeňiş Guamyň taryhynda dünýä çempionatlarynyň saýlama oýunlarynda gazanylan ilkinji üstünlik boldy.

Ýer eýelerine sähelçe tapawut bilen ýeňiş getiren pökgi 14-nji minutda geçirildi. Raýan Gaý meýdanyň gyrasyndan pökgini 11 metrlik urgynyň nokadynyň töwereklerine oklady. Netijede pökgi garma-gürmelikde Serdar Annaorazowdan derwezä girdi. Bu ýeňiş ilat sany 200 müňden hem az bolan kindiwan ada döwleti üçin taryhy waka boldy. Bu ýurduň topary iň bolmanda bir günlük “D” toparçasyna öňbaşçy boldy.

Indiki tapgyrda Türkmenistanyň ýygyndysy Daşoguzda Eýranyň ýygyndysyny, Guamyň ýygyndysy bolsa öz meýdanynda Hindistanyň ýygyndysyny kabul eder. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň