Soňky habarlar

Arhiw

2015-nji ýylda Türkmenistanyň iň ökde küştçi zenany kesgitlenildi

15:4011.06.2015
0
1762

10-njy iýunda paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde ýokary ligada çykyş edýän zenanlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijilerini we baýrakly orunlary eýelänleri sylaglamak dabarasy boldy. Şeýle hem bu intellektual oýnuň küşti çalt oýnamak görnüşi boýunça ýurdumyzyň çempionatynyň medallary ugrunda ýaryş geçirildi.

Ýaryşlara ähli welaýatlardan hem-de Aşgabat şäherinden 16 küştçi gatnaşdy. Ýaryşda aşgabatly, 17 ýaşly sport ussatlygyna dalaşgär Jemal Öwezdurdyýewa ýeňiş gazandy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şöhratguly Myratgulyýewiň şägirdi aýlawlaýyn ýaryşyň geçişinde mümkin bolan 15 utukdan 12 utuk gazandy. Bu bolsa onuň diňe bir çempion bolmagyna däl-de, sport ussady derejesini doldurmagyna hem mümkinçilik berdi.  Ýeri gelende aýtsak, J.Öwezdurdyýewa şeýle ýaşda şunuň ýaly ýokary netijäni gazanmagy başaran ilkinji türkmen küştçüsi boldy.

Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby, sport ussatlygyna dalaşgär Tawus Baýramsähedowa 11 utuk gazanyp, çempionatda ikinji orny eýeledi. Ol Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýewiň ýolbaşçylygynda küşt bilen meşgullanýar. Aşgabat şäheriniň toparyndan Hurma Weliýewa hem Tawus bilen deň utuk toplady. Ýöne goşmaça sport görkezijileri boýunça ol üçünji orun bilen kanagatlanmaly boldy.

... Küşti çalt oýnamak boýunça Türkmenistanyň çempionaty ilkinji gezek geçirildi. Bu ýaryşda her oýna bary-ýogy üç minut berilýär. Her göçümden soň, wagta iki sekunt goşulýar. Adaty küşt ýaryşlarynda ýeňiş gyssanman, oýlanyşykly hasaplamalaryň netijesine bagly bolsa, çalt küşt ýaryşlarynda tiz netije çykarmak hem-de küşt tagtasynda garaşylmadyk göçümleri etmek üstünligiň özenini düzýär.

Şu  sebäpli hem ýokary liganyň ýeňijisi Jemal Öwezdurdyýewa çalt küşt oýnamakda 10 utuk bilen diňe üçünji orny eýeledi. Edil şonuň ýaly utuk toplan Hurma Weliýewadan onuň beýleki sport görkezijileri ýokary boldy. Netijede, Hurma hormatly dördünji orny eýeledi.

Çalt küşt oýnamak boýunça Türkmenistanyň birinji çempionatynyň altyn medalyna bolsa Aşgabat şäheriniň toparyndan Meňli Öwezowa mynasyp boldy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Baýramsähedowyň 17 ýaşly şägirdi mümkin bolan 14 utukdan 12 utuk toplady.

Ikinji orny Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby, ýurdumyzda giňden meşhur bolan Atabaýewleriň küştçüler maşgalasynyň wekili, FIDE-niň ussady Gözel Atabaýewa eýeledi.

Häzir türkmen küştçüleri ýene bir ýaryşa — Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde 15—20-nji iýun aralygynda geçiriljek däbe öwrülen tomusky milli ýaryşa taýýarlyk görýärler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň