Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen meýletinçileri I Ýewropa oýunlaryna gatnaşýar

15:3011.06.2015
0
1333

Türkmen meýletinçileriniň bir topary 12-nji iýunda Baku şäherinde badalga beriljek I Ýewropa oýunlaryna gatnaşmak üçin Azerbaýjana gitdi.

Öň hem Aziýa oýunlarynyň birnäçesinde, Talyplaryň Bütindünýä tomusky uniwersiadasynda, winderfing boýunça dünýä çempionatynyň Awazada geçirilen tapgyrynda we beýleki iri ýaryşlarda tejribe toplan meýletinçileriň düzüminde 20 adam bolup, olar, esasan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we  Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplarydyr. Olar Oýunlaryň geçýän döwründe dünýä döwletlerinden gelen 12 müňden gowrak meýletinçiler bilen birlikde iş alyp bararlar. Aziada – 2017-ä barha tejribe toplaýan türkmen meýletinçilerine üstünlik arzuw edýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň