Soňky habarlar

Arhiw

Täze ýylyň bosagasyndaky hepdäniň howa ýagdaýy barada maglumat berildi

16:1526.12.2022
0
38314

Türkmenistanda Täze ýylyň bosagasyndaky hepde bulutly we ýagyşly bolar. Howanyň ortaça temperaturasy gündizlerine +14 gradus bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +10… +12, gijelerine +2…+4 gradus bolar. Hepdäniň ortasyndan howanyň temperaturasy gündizlerine +5, gijelerine -1 gradusa çenli peseler. Az-owlak ýagyş ýagmagy mümkin.

Ahal welaýatynda hem ýagşa garaşylýar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +8… +13, gijelerine +1… +6 gradus bolar. Dynç günlerine golaý howanyň gijeki temperaturasy -3 gradusa çenli peseler.

Balkan welaýatynda bulutly we ýagyşly howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +4… +9, gijelerine +3 gradus bolar.

Mary welaýatynda bulutly howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +4… +9, gijelerine +1… +6 gradus bolar. Ýagyş ýagmak ähtimallygy-da aradan aýrylmaýar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +3… +8, gijelerine 0…–5 gradus bolar. Ýagyş ýagmagy ähtimal.

Daşoguz welaýatynda bulutly howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +2… +7, gijelerine -3…-8 gradus bolar. Welaýatyň käýerlerinde ýagyş ýagar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň