Täze ýyl mynasybetli A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebinde dabara geçirildi

16:0726.12.2022
0
33124

Aşgabatda ýerleşýän A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebinde geçirilen Täze ýyl baýramçylyk dabarasynda okuwçylar dürli jandarlaryň eşiklerinde çykyş etdiler.

Birinji synp okuwçylaryndan başlap, orta mekdebi tamamlan uçurymlar çenli dabara gatnaşdylar. Täze ýyl çykyşy «All Hail King Julien» animasion seriýasyna esaslandy.

Orta mekdebiň okuwçylary lemur ýaly geýnip, tans etdiler, dürli görnüşli goşgulary okadylar.

Çykyşlardan soňra Aýazbaba bilen Garpamyk mekdep okuwçylaryna Täze ýyl sowgatlaryny gowşurdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň