Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün APL arakesmeden dolanar

13:1126.12.2022
0
28260
Şu gün APL arakesmeden dolanar
Surat: footballhd.ru

Şu gün — 26-njy dekabrda Angliýanyň premýer-ligasynyň oýunlary dowam etdiriler. Has takygy, şu gün ýaryşyň 17-nji tapgyry başlanar. Bilşimiz ýaly, Angliýanyň premýer-ligasy Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionaty sebäpli arakesmä çykypdy. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda ýaryşyň turnir tablisasynda 14 oýunda toplanan 37 utuk bilen «Arsenal» liderlik edýär. Kerwenbaşydan 5 utuk yzda barýan «Mançester Siti» ikinji ýerde barýan bolsa, güýçli üçlügi 15 oýunda 30 utuk gazanan «Nýukasl» jemleýär.

17-nji tapgyryň oýunlary

26-njy dekabr:

  • 17:30. «Brentford» — «Tottenhem»;
  • 20:00. «Krystal Pelas» — «Fulhem»;
  • 20:00. «Ewerton» — «Wulwerhempton»;
  • 20:00. «Lester» — «Nýukasl»;
  • 20:00. «Sauntgempton» — «Braýton»;
  • 22:30. «Aston Willa» — «Liwerpul».

27-nji dekabr:

  • 01:00. «Arsenal» — «West Hem»;
  • 22:30. «Çelsi» — «Bornmut».

28-nji dekabr:

  • 01:00. «Mançester Ýunaýted» — «Nottingem Forest».

29-njy dekabr:

  • 01:00. «Lids» — «Mançester Siti».
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň