Artist doganlaryň biri Aleksandr Ponomarenko aradan çykdy

10:4226.12.2022
0
28074
Artist doganlaryň biri Aleksandr Ponomarenko aradan çykdy
Surat: www.proconcert.ru

Wäşi ekizler Ponomarenkolaryň biri Aleksandr 55 ýaşynda aşgazan düwnügi keselinden aradan çykdy.

Aleksandr öz keseli barada tötänden 2021-nji ýylyň tomsunda aşgazanynda açylan ýarasyna operasiýa wagtynda bildi. Bejergi almak üçin ekizler konsert çykyşlaryny bes etdiler. Aleksandry dogany Waleriý we aýaly Anna kesele garşy göreşde goldadylar diýip, «MIR 24» ýazýar.

Doganlar Ponomarenkolaryň gülküli çykyşlary russiýaly tanymal artist Ýewgeniý Petrosýanyň ýolbaşçylygyndaky «Gyşyk aýna» («Кривое зеркало») telegepleşigi arkaly meşhur boldy, ekizler şeýle hem «Gaýtala!» («Повтори!») atly öýkünme şowhunynda çykyş etdiler.

Aleksandr Ponomarenkonyň jesedi şu gün, 26-njy dekabrda topraga berler diýlip, TASS habarlar gullugy habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň