Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleri bilelikdäki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

19:2224.12.2022
0
14892

Şu gün Tokioda «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň 9-njy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistandan wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy.

Mejlisiň gün tertibine döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny öz içine alýan bilelikdäki gatnaşyklar girizildi. Mejlisiň işine Ýaponiýanyň hem-de Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, bu ýurtlaryň ilçileri, ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

— Bu duşuşygyň ähmiýeti, Merkezi Aziýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar toplumynyň häzirki ýagdaýyna düşünmek we ýakyn geljek üçin anyk maksatlary kesgitlemek zerurlygy bilen baglanyşykly. Bu ýerde gürrüň, ozaly bilen, dünýä parahatçylygyny, durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky tagallalarymyzy birleşdirmek barada barýar — diýip, Raşid Meredow mejlisde eden çykyşynda belläp geçdi.

Gepleşikleriň çäginde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebitde howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmek baradaky möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Ýaponiýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri metbugata beýanat berdiler.

Daşary işler ministriniň «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» formatynyň indiki duşuşygy 2023-nji ýylda Gazagystanda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň