Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Rus kinosynyň günleri geçiriler, «Hasar» kompaniýasy Täze ýyl üçin 200 müň süýjülik toplumyny öndürdi, türkmen raýatlaryna ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada duýduryş berildi we beýleki habarlar

09:0324.12.2022
0
32439

1. Aşgabatda 26-31-nji dekabr aralygynda döwrebap rus filmleriniň mugt görkezilişi geçiriler. «Russian Film Festival-yň» çäklerinde «Berkarar» kinoteatrynda tomaşaçylar alty sany meşhur filmlere tomaşa ederler. Türkmenistandaky Rus kinosynyň günleri Russiýanyň Medeniýet ministrliginiň we RF-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň hemaýat bermeginde guralýar. Rus kinosynyň festiwalynyň peteklerini «Berkarar» kinoteatrynyň kassalaryndan satyn alyp bilersiňiz.

2. «Hasar» hojalyk jemgyýeti 200 müňden gowrak Täze ýyl üçin süýjülik sowgatlaryny taýýarlady, onuň düzümine «Gawun kakly şokolad», «Desse» süýjüleri, «Lezzet» şokolad huruşly köke we marmelad girýär. Şeýle-de Täze ýyl toplumlarynda içi şokolad we kofe huruşly karamel, kofe tagamly wafliler ýaly täze önümler hem duş gelýär.

3. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi Täze ýyl baýramçylygynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilmelidigini ýatladýar. «Kiçi ýaşly çagalary öýde ýeke galdyrmaň we Täze ýyl arçasynyň golaýynda bengal otlaryny we feýerwerkleri ýakmaň» – diýip, ministrligiň habarnamasynda aýdylýar.

4. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ýasutosi Nisimura Tokioda Infrastruktura pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada Teswirnama gol çekdiler. Mundan başga-da, türkmen tarapy Ýaponiýanyň ýaşyl we wodorod energetikasy boýunça tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirdi.

5. Pygy Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň wekilleri we Türkmenistan Döwlet sirkiniň wekilleri Tatarstan Respublikasyna amala aşyrylan saparyň çäklerinde geljek 2023-nji ýylda Kazan döwlet sirkiniň meýdançalarynda türkmen ahalteke atlarynyň çykyş etmekleri baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

6. Aşgabadyň Gyşky oýunlar sport toplumynda täze buzdaky çykyş taýýarlanylýar. Baýramçylyk maksatnamasynda 20-den gowrak çykyş bar, şol sanda «Dur bakaly!» multfilmindäki tango we beýleki tans çykyşlary ýerine ýetiriler. Maksatnamanyň çäklerinde ýaş buzda typyjylar çykyş ederler.

7. Niderlandlaryň supermarketlerinde garrylar we gürleşmäge hiç kimi bolmadyk ýalňyz adamlar üçin özboluşly kömek çäresi guraldy. Täzelik «Kletskassa» – «söhbetdeşlik kassasy» diýlip atlandyrylýar. Bu hiç ýere howlukmaýan we kassir bilen söhbetdeşlige ýa-da başga adamlaryň gepleşiklerini diňlemäge garşy däl adamlar üçin ýörite kassadyr.

8. Moskwada kurýerleri höweslendirýän ýol belgileri oturdyldy. Olar adaty ýol belgilerine meňzeýärler, ýöne gadaganlyklaryň we görkezmeleriň ýerine «Hiç zat sizi saklap bilmez», «Bütin şäheriň adyndan sag boluň» ýaly höweslendiriji ýazgylar bar.

9. «Altyn asyr» «Şagadamdan» üstün çykyp, sekizinji gezek Türkmenistanyň Superkubogyna eýe boldy. Aşgabatda geçirilen duşuşyk 3:1 hasabynda tamamlandy. «Altyn asyryň» düzüminden derwezä pökgüleri Myrat Annaýew, Yhlas Toýjanow we Altymyrat Annadurdyýew geçirdi.

10. Dünýä çempionaty 2022-ä gatnaşan her ýygynda FIFA-nyň näçe tölejekdigi mälim edildi. Ýaryşyň ýeňijisi bolan Argentinanyň ýygyndysy 42 million dollar alar. Kümüş medal gazanan Fransiýa – 30 million dollar, üçünji orun üçin Horwatiýa – 27 million dollar, dördünji orun üçin Marokko – 25 million dollar alar. FIFA tölegler üçin jemi 440 million dollar bölüp berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň